Habarlaryň arhiwi (2019-4-3)

Nebit promyseliniň ýanynda ýod önümçiligi

Türkmenistanyň günbatarynda hereket edýän nebitpromyselleriniň birinde Uglewodorod serişdeleriniň çykarmakda ulanylýan senagat suwundan ýod önümçiliginiň ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen «Himiýa senagaty» HJ (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy) kenarýaka sebitinde Ekerem töwereginde täze kärhananyň önümçilik binalarynyň gurluşygyny alyp barýar. Bu ýerde elementar ýody öndürmegiň degişli usuly peýdalanylar. Ýod alnandan soňra utilizirlenen suw ýaplarda saklanylyp, soňlugy bilen...

Türkmenistan ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär

«ABŞ-Täjigistan» Söwda geňeşiniň başlangyjy boýunça Waşingtonda «Baker McKenzie» kompaniýasynyň gurnamagynda geçirilen ABŞ-nyň işewür düzümleriniň we ýokary wezipeleri wekilleriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri bilen duşuşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, diýip news.tj saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň diplomatik wekili öz çykyşynda türkmen-amerikan söwda gatnaşyklaryny...

2019-njy ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň eksporty düýpli artdy

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň nebit we gazy gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň eksport möçberleri düýpli artdy. Netijede, 2018-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdireniňde, şu ýylyň degişli döwründe Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndan (TDHÇMB) türkmen bitumynyň eksporty 5 esse, binýatlyk ýaglaryňky — 4 esse artdy. Türkmenistanda öndürilen polipropileniň eksporty 119,2 göterim ýokarlandy. Mazutyň we göni aýlawly...

2014