Türkmenistan we Rumyniýa birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Danuts Nekulaeskunyň arasynda geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetiki, ulag we beýleki ugurlarda özara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Şeýle hem, gepleşikleriň barşynda taraplar halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar....