Habarlaryň arhiwi (2019-5-6)

Inžener-tehnologiýa uniwersitetinde ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen iş tejribesi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ylmy forum geçirildi. ORIENT habarlar agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň maksady — ylmyň we tehnologiýanyň üsti bilen Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklaryna bolan garaýşy döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem talyplaryň bu ulgamlara gyzyklanmalaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar. Forumda giriş sözi bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Takahiko Kasumata çykyş etdi. Diplomatyň belleýşi...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykly polietilen, şeýle hem karbamid we tehniki kükürd («Türkmenhimmiýa» DK), («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Ukrainadan, Özbegistandan,...

2014