Habarlaryň arhiwi ()

Buraw boýunça bellenilen meýilnamadan ep-esli öňde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň burawçylary birinji ýarym ýyllygyň buraw meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Meýilnamada 35 müň 631 metr möçberde barlag we ulanyş burawy göz öňüne tutulanlygynda, ýanwar-iýun aýlarynda 48 müň 998 metr çuňlukda guýular burawlandy. Şeýlelikde, alty aý üçin buraw meýilnamasyny müdirligiň işgärleri 37,5 göterim ýerine ýetirdiler. Netijede, guýulary burawlamak boýunça meýilnamadan...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen işewürler daşary ýurt puluna nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million...

Seýdiniň NGIZ-da iri taslama tamamlanyp gelýär

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda Ýewro-5 kysymly täze nesliň benzinini öndürmek boýunça desgada mehanika-montaž işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Awgustyň ahyrynda enjamy tehnologiki taýdan barlap görmek üçin ony barlag tertibinde işe girizmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda desgada turba geçirijiniň detallaryny birleşdirmek, ony arassalamak we ýuwmak, barlag-ölçeg enjamlaryny hem-de awtomat dolandyryş ulgamlaryny we.m. ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Şonuň...

Gögerendag ýatagynda täze guýular ulanyşa girizildi

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň 2-nji sehiniň işgärleri nusgalyk zähmet üstünliklerini görkezýärler. Gögerendag, Ördekli, Ekizek ýaly ýataklardaky guýulara hyzmat etmek bilen, sehiň zähmetkeşleri çykarylýan önümiň mukdarynyň hemişe ýokary bolmagyny üpjün edýärler. Ýakynda sehiň nebitgaz çykaryjylary guýularda buraw we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işlerini tamamlap, olary ulanyşa girizdiler. Netijede täze...

Halkyň abadan ýaşamagynyň hatyrasyna

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze döredilen ilatly nokatlardaky ýaşaýyş jaýlaryny we kärhanalary gysga wagtda gazlaşdyrmak boýunça anyk wezipeleri öňde goýdy. Şeýle ilatly nokatlaryň sany Türkmenistanda ýylyň-ýylyna barha artýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň Lebap welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-montaž brigadalarynyň tejribeli işgärleri bu ugurda ýokary depginler bilen zähmet çekýärler. — Ýurtda ilat üçin...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy satyn aldylar.Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna...

Ýewropa ýurtlary üçin türkmen gazy

Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatda Türkmenistandan Ýewropa geçiriljek gaz geçirijiniň gurluşygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Ýewrokomissiýadan bir çeşmä salgylanyp, Trend habarlar agentligi habar berýär. Ýewropa Komissiýasy 2015-nji ýylda kabul edilen Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Aşgabat jarnamasyny durmuşa...

Senagat ägirtleri üçin tebigy gaz

Uzynlygy 250 kilometr bolan «Bagtyýarlyk-Garlyk» ýokary basyşly gaz geçirijisi Lebap welaýatynyň birnäçe senagat kärhanalaryny ýangyç bilen üpjün edýär. Şeýlelik bilen, tebigy gaz Lebap sement zawodynyň, şeýle hem şu ýylyň iýulynyň başynda açylyşy bolan täze «Watan» Döwlet elektrik stansiýasynyň hereket etmegi üçin esasy çeşme bolup durýar. Gaz geçiriji şeýle hem Lebap welaýatynyň ilatly nokatlaryny gaz bilen üpjün...

Ussadyň baý tejribesi

Durmuş özgertmeleriniň çäklerinde bu günki gün Türkmenistanda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 13 müňden gowrak öý hojalyklary suwuklandyrylan gaza derek tebigy gazdan peýdalanýarlar. Ýangyç akdyrmakda bu üznüksiz iş «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» kärhanasynyň işgärleriniň zähmetiniň netijesi bolup durýar. Bu kollektiw 330-dan gowrak gazakdyryjy  we gazýaýradyjy desga oturdylan gazgeçiriji uçastoga hyzmat edýär. Müdirlikde zähmet çekmek bilen hünär taýýarlygynyň ähli...

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy kämilleşdirilýär

Ýurduň nebitgaz toplumyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek, pudagyň işini gowulandyrmak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserni işgärleriniň sanyny düýpli artdyrdy. «Türkmennebit» döwlet konserninde guýulary gündelik we düýpli abatlaýyş, innowasion tehnologiýalar, halkara gatnaşyklar we hukuk bölümleri döredildi. Mundan başga-da, «Türkmennebit» DK-da birnäçe täze müdirlikler, şol sanda önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar, daşary ykdysady aragatnaşyklar, işgärleri dolandyrmak we hukuk işi...

Sanlar we maglumatlar

Şu ýylyň alty aýynyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «gara altynyň» 2 million 461 müň tonnadan gowragy çykaryldy. Gaýtadan işlenmedik nebiti esasy sarp edijilere ugratmak boýunça meýilnama üstünlikli durmuşa geçirildi. Mundan başga-da, konserniň bölümleri tarapyndan 3 milliard 312 million kub metr tebigy gaz alyndy. Tebigy baýlyklary çykaryjylar tarapyndan 166 müň metr töweregi guýular burawlandy. Şolardan...

«Şöhlede» gaýtalanmajak dynç alyş

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň işgärleriniň çagalary bolan ýüzlerçe oglanjyklardyr gyzjagazlar bu gün — tomusky dynç alyş möwsüminiň gyzgalaňly döwründe «Şöhle» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň doly hukukly eýeleri bolýarlar. Dag howasy hem-de ýyly suwly çeşmeler, miweli waglar hem-de gül-gunçaly meýdanlar — Gökderäniň ajaýyp jülgesi tüýs şadyýan dynç almak üçin döredilen ýer. Bu ýerde çagalar sportuň tanap çekmek, stoluň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Lýuksemburgdan, Latwiýadan we beýleki döwletlerden gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Koreýa...

Taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär

Marynyň döwlet elektrik bekediniň çäginde bug-gaz elektrik bekediniň, şeýle hem beýleki birnäçe bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesinde karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu barada 21-nji iýulda türk işewüri, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ähmet Çalyk Türkmenistanyň Prezidentine gürrüň berdi. Bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygy 2015-nji ýylyň iýulynda başlandy. Maýa...

Türkmenistan we ÝHHG energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

20-nji iýulda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutany hanym Natalýa Drozdy kabul etdi. Milletiň Lideri ÝHHG-niň wekilini Türkmenistanda jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa täze işinde uly üstünlikler arzuw etdi we hyzmatdaşlygyň giň ugry boýunça köpýyllyk gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi, şunda syýasy, ykdysady, ekologiýa hem-de ynsanperwer gatnaşyklara ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Bellenilişi...

2014