Habarlaryň arhiwi ()

Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roseli bin Abduly kabul etdi. Diplomat duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryna täze itergi berjek möhüm işinde oňa üstünlikler arzuw etdi. Türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, taraplar söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer...

Türkmenistan-Gazagystan: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

25-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň we Gazagystan Respublikasynyň senagat hem-de işewür toparlarynyň gatnaşmagynda türkmen-gazak işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda iki dostlukly döwletiň bolşy ýaly, tutuş sebitiň durnukly ösmegine gönükdirilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmeklige gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, hususan-da, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri...

Týanszinde hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisi tamamlandy

Hytaýyň demirgazygynda ýerleşen port şäheri Týanszinde hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň dördünji mejlisi bolup geçdi. Mejlisi HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Çžan Gaoli we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ýagşygeldi Kakaýew alyp bardy. Bu barada Gundogar news habarlar portaly habar berýär. Mejlisde Çžan Gaoliniň belleýşi ýaly, Hytaý we Türkmenistan HHR-iň Baştutany Si Szinpiniň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly...

«Mawy ýangyç» — her bir öýe

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ähli şäherleriň we şäherçeleriň, hatda ýurduň iň bir çetki nokatlarynyň ýaşaýjylary hem tebigy gazdan üznüksiz peýdalanýarlar. Hususan-da, Lebap welaýaty boýunça häzirki wagtda 192 müň ýaşaýyş jaýlary tebigy gaz bilen üpjün edildi. Ýaşaýyş zolaklaryny, senagat kärhanalaryny elýeterli hem ekologik taýdan arassa ýangyç bilen üpjün edýän gaz turbalarynyň uzynlygy 7837 kilometre çenli uzaldyldy....

Türkmenistan we Hytaý strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär

Hytaý Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär, diýip Aşgabatda diplomatik işini tamamlaýan HHR-iň ilçisi Sýao Sinhua Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda belläp geçdi. Öz gezeginde Türkmenistanyň döwlet baştutany türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtap geçdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alşyldy. Şol hyzmatdaşlyga ähli ugurlarda, şol...

Türkmenistan we Şri-Lanka energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri “Türkmengaz” döwlet konserninde Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap K.A. Rohanadjitha bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.  Söhbetdeşlikden öň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy A.Begliýew myhmany Türkmenistanda diplopmatik işiniň başlanmagy bilen gutlady hem-de iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen işde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.  Ilçi hoşniýetli...

Nebitgaz infrastrukturasy täzelenýär

Amyderýanyň üstünden geçýän Ýaşyldepe-Pelwert nebit geçirijisinden önümleri üstaşyr geçirmek boýunça kärhanany düýpli abatlamak boýunça gurluşyk işleri tamamlandy. «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň tejribeli hünärmenleri bu tabşyrygy ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Müdirlikde işlenilip taýýarlanylýan önümleri ýygnamak hem-de ugratmak boýunça işler hem netijeli alnyp barylýar. Çig mallary ugratmak boýunça üstaşyr kärhana birnäçe ýyllaryň dowamynda abatlaýyş işleriniň geçirilmegine mätäçdi. Şu maksat bilen...

TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin tejribeli konsalting kompaniýalary çekiler

«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyrynyň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmak üçin abraýly daşary ýurt kompaniýalary we maliýa guramalary çagyryldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniiň «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň ýolbaşçylar geňeşindäki wekili Muhammetmyrat Amanow habar berdi. Şeýle hem ol «Galkynyş» gaz känini özleşdirmäge we TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegini gurmaga jogapkär bolan «Türkmengaz»...

Guýular üçin erginler Türkmenistanyň patentleri bilen tassyklanyldy

Türkmenistanyň nebitgaz känleriniň özleşdirmekde we ulanmakda soňky wagtlarda ýerli materiallar we çig mallar has giňden peýdalanylýar. Bu bolsa pudak kärhanalaryna taslamalary durmuşa geçirmekde wagt hem maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Ýakynda az toýunsowly erginleri ulanmak arkaly Döwletabat gaz känindäki ýedi sany guýuda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Bu ergini «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri işläp düzdüler. Institutyň...

Gaz senagatynyň kärhanalary üçin awtotehnikalar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň 4-nji tehniki awtomobil kärhanasynyň işgärleri ulag-tehnologik hyzmat ulgamynda ýokary netijeler gazandylar we ýurtda çykarylýan tebigy gazyň möçberiniň artdyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Şu ýylyň başyndan bäri geçen ýedi aýda ulag-tehnologik hyzmatdan alynýan girdeji 25 million 124 müň manada deň bolup, arassa girdeji – 3 million 371 müň manat boldy. Hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak...

Eýran Hazar deňzindäki Neka terminalyndan geçirilýän nebitiň möçberini artdyrmaga taýýar

«Iranian Oil Terminals Company» (IOTC) kompaniýasynyň resmi wekili Hamid Reza Şadustyň habar berşi ýaly, Eýran Demirgazyk nebit terminalynyň üsti bilen demirgazyk goňşy döwletleri bilen günde 120 müň barrele çenli çig nebiti çalşyp biler, diýip Iran.ru rus habarlar agentligi habar berýär. Eýran milli nebit kompaniýasynyň (NIOC) iki aý mundan öň çykaran buýrugyna laýyklykda, Neka şäherindäki Demirgazyk nebit...

Sarp edijilere gazy üznüksiz ýetirmek maksady bilen

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Balkangazüpjünçilik» edarasynyň ähli bölümlerinde güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işleri başlandy. Hususan-da, sarp edijilere gazyň üznüksiz ýagdaýda ýetirilişini barlamak işleri geçirilýär. Içerki tehniki toplumlarda abatlaýyş işleri geçirilýär. Howa arkaly gysyp çykarmak usuly bilen gaz turbalary dürli goşundylardan arassalandy. Ähli ýaşaýyş jaýlarynda, kärhanalarda we edaralarda gazy goýbermek we kabul etmek boýunça çäreler...

Geçen hepdäniň biräz täzelikleri

Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň önümleri — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzin, dizel ýangyjy, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda taýýarlanylan göni arassalanan benzin, mazut we dizel ýangyjy Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçileriň daşary ýurt walýutasyna baglaşan geleşikleriniň esasyny düzdi. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna, azyklyk bugdaý, taýýar dokma...

Türkmenistan — energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň tarapdary

Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde öňe sürýän esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň neşir eden habarynda beýan edilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanmak bilen biziň ýurdumyz bu forumy global meseleleri, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin möhüm tapgyr...

Türkmenistanyň gaz senagatynyň döredilmeginiň 50 ýyllygyna

2016-njy ýyl Türkmenistanyň gaz senagatynyň taryhynda şanly senedir. Ýarym asyr mundan öň, 1966-njy ýylda Üňüz aňyrsy Garagumuň demirgazyk böleginiň çäklerinde ýerleşen Ojak gaz kondensatly känini senagat taýdan özleşdirmek işleri başlandy. Bu kän demirgazyk-gündogar Türkmenistanyň çäklerinde üsti açylan ilkinji tebigy gazly kändir. Ojak düzüminde 1064-nji ýylda barlag işleri geçirilip başlanyp, 1966-njy ýylyň fewralynda bolsa №1 barlag guýusyndan...

2014