Habarlaryň arhiwi ()

Owadandepede tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawodyň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýär

Owadandepede gazy gaýtadan işleýän iri kärhananyň — tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawodyň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýär. Şu günki güne çenli taslamak hem-de taslama resminamalaryny taýýarlamak işleriniň 60 göterimden hem gowragy ýerine ýetirildi, tehnologiki we kömekçi enjamlaryň hem-de materiallaryň ýüklemek we getirmek işleri ýola goýuldy. Ägirt uly senagat kärhanasy Türkmenistanyň paýtagtyndan 30 kilometrlikde...

«Hazar bäşligi» Konwensiýanyň taslamasyny ylalaşýarlar

Çarşenbede Astana şäherinde bäş sany hazarýaka döwletleriniň (Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan, Türkmenistan we Eýran) daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Gepleşikleriň esasy temasy Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny ylalaşmak hem-de Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň dürli ugurlaryny ýola goýmak boýunça işleriň gidişi hakynda boldy. Hazar deňzinde howpsuzlyk hakyndaky bu ylalaşyk çarçuwaly resminama bolup,...

Hyzmat BK-lary pudagyň ösüş ugry hökmünde

Metal gurluşlarynyň, turba önümleriniň, elektrotehniki enjamlaryň önümçiliginde daşary ýurt maýalaryny çekmek arkaly enjamlary abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça bilelikdäki hyzmat ediş kärhanalaryny döretmek — «Türkmengaz» Döwlet konserniniň durmuşa geçirýän iri göwrümli taslamalarynyň esasy talaby bolup durýar. Paýnamalaýyn esasda şeýle BK-lary döretmek meseleleri şu ýylyň maý aýynda geçirilen VII Halkara gaz kongresinde giňden ara alnyp...

TOPH üçin täze guýular

HHR-de öndürilen ZJ-70DBS kuwwatly buraw enjamlary «Türkmengaz» Döwlet konsernine «Galkynyş» ägirt uly gaz käninde alnyp barylýan buraw işleriniň depginini has hem ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Täze guýularyň ulanyşa girizilmegi bellenilen meýilnama laýyklykda çykarylýan gazyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Galyberse-de, bu özboluşly gaz käniniň ulanyşdaky hemme guýulary ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar. «Galkynyşdaky» bir guýynyň her gündäki ortaça debiti...

Ylmy oýlap tapyşlaryň esasynda

Gaz känleriniň ýagdaýynyň barlamak, tehniki-ykdysady bahalandyrmak we olary özleşdirmegiň taslamalarynyň seljermek, taýýar edilen känleri tejribe-senagat ulanyşyna girizmegiň maksadalaýyklygy hakyndaky tehniki-ykdysady hödürnamalary düzmek, ýurduň gaz senagaty pudagyny ösdürmegiň ýollaryny çaklamak — ine, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň amala aşyrýan işleriniň doly däl sanawy. Hususan-da, buraw bölüminde  poslama, gazyň we kondensatyň düzümini we häsiýetlerini, buraw...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Täjigistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, russiýaly işewürler daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, boýalan tüýjümek matany, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 147...

Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy

8-nji iýulda Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CNPC» milli nebitgaz korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy jenap Wan Ilini, «Petro China Company Limited» kompaniýasynyň wise-prezidenti we «CNPC-niň» baş direktory jenap Lýuý Gunsuny hem-de «CNPC-niň» ýurdumyzdaky wekilhanasynyň baş direktory jenap Den Minmini kabul etdi. Hytaýyň esasy işewür düzümleri, şol sanda «CNPC» ýangyç-energetika ulgamynda ýurdumyzyň...

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda

«Mitsui Engineering Shipbuilding» kompaniýasynyň taslama departamentiniň baş menejeri Şinsuke Nippeni, «Sojitz Corporation» kompaniýasynyň düzüm we daşky gurşaw departamentiniň uly dolandyryjy direktory, dessin direktory Toşiharo Ýoşimury hem-de «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak öz kompaniýalarynyň geljegi uly işewür hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Lebap welaýatynda 500 müň tonna kükürt kislotasyny...

Halkara hil standartlaryna laýyklykda

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Kriminalistik barlaglar merkeziniň hem-de Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirliginiň täze binalar toplumynyň açmak bilen, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleriniň üstüni ýetiren birnäçe binalaryň açylyşyna gatnaşdy. Milletiö Lideri merkeziň Fiziko-himiýa, Nebit önümleri we Hat-ýazuw barlaghanalarynyň iş aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde barlaghananyň hünärmenleriniň ygtyýarynda daşary ýurtlaryň iň öňdebaryjy...

Türkmenistan — Hytaý: hyzmatdaşlygyň ugurlary

Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň iki ýurduň degişli ulgamlarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde IV mejlisi boldy. Duşuşygyň barşynda, iki taraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada giňden pikir alşyldy. Mejlise gatnaşanlaryň aýtmagyna görä, hyzmatdaşlyk işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýar hem-de onuň mundan beýläk hem netijeli ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler bar. Biziň ýurdumyzyň...

Kükürt harytlyk önüm hökmünde

Ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde dünýäde barha isleg artýan gazhimiýa pudagynyň önümleriň biri hem kükürtdir. Russiýa Federasiýasynyň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bu himiki önümiň mümkin bolan alyjylary bolup durýar. Kükürt himiki önümleriň möhüm hem esasy görnüşleriniň biridir. Kükürt köpsanly önümleriň (kükürt kislotasy, reňkleýjiler, kükürtli uglerod we beýlekiler) sintezinde we dürli önümleri we materiallary (rezin,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy. Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gankongdan, Singapurdan, Owganystandan, Latwiýadan, Estoniýadan, Gazagystandan we Täjigistandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen wakuumly gazoýly, dizel ýangyjyny, M-100 kysymly...

Gazhimiýa toplumy üçin enjamlar

Ýylyň ahyryna çenli polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynda etanyň krekingi oturdylan tehnologiki we kömekçi enjamyň montaž işleri tamamlanar. Geljekki gazhimiýa toplumynyň ägirt uly gurluşyk meýdançasy Balkan welaýatynda Hazar deňziniň kenaryndaky Gyýanly şäherçesiniň golaýynda ýerleşýär. Desganyň baş potratçylary hökmünde çykyş edýän — «Hyundai Engineering Co.,», «LG International Corp.» we «TOYO Engineering Corp.» kompaniýalarynyň konsorsiumy öz wagtynda...

«Sifal» kompaniýasy TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmaga meýil bildirýär

«Sifal» kompaniýasy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna, şeýle hem başga-da birnäçe sebitleýin we milli ähmiýetli desgalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga meýil bildirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Žil Remi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda beýan etdi. Duşuşygyň barşynda fransuz işewüri bu babatda birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Türkmenistanyň Prezidenti hem-de fransuz işewüri bilelikdäki netijeli iş boýunça toplanan...

ABŞ TOPH taslamasyny goldaýar — ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Allan Mastard «Arzuw news» habarlar saýtyna beren interwýusynda Türkmenistanda-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldaýandygyny beýan etdi. Diplomat şeýle hem sebitde durnuklylygy saklamakda we ykdysady ösüşi üpjün etmekde taslamanyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtap geçdi. «Umuman, biz TOPH taslamasyny goldaýarys, çünki ol Orta Aziýanyň daşarky dünýä bilen, hususan-da, Günorta Aziýa bilen integrirlenmeginde esasy taslamalaryň biri...

2014