Hajy Altybaýewiň ýolbaşçylygynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawçylar brigadasy ýokary önümçilik netijelerini görkezýärler.
Burawçylar Barsagelmez käninde № 1291 belgili ulanyş nebit guýusynda buraw işlerini tizleşdirilen depginde alyp baryp, guýyny taslama çuňlugyna çenli bellenilen möhletden 25 gün öň tamamlamagy başardylar.
Netijede täze özleşdirilen hem-de ýokary tehniki derejede ulanyşa girizilen girizilen guýudan nebitiň kuwwatly senagat akymy...
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň häzirki wagtda geologiýa-derňew işleriniň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biri hem nebit ýataklarynyň gözlegidir. Uzak ýyllar üçin tebigy gazyň ykrar edilen ygtybarly ätiýaçlyk gorlaryny nazara alyp, «Türkmengeologiýa» soňky wagtlar geologiýa derňew işlerini nebit ýataklarynyň gözlegine, aýratyn hem, ýurduň günorta-günbatar böleginde miosen ýataklarynyň we ýurduň merkezi böleginde ýura-mel galyndy ýataklarynyň gözlegine gönükdirdi.
Geologlaryň bellemeklerine görä, Türkmenistanyň...
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça 2016-njy ýylda geçiren bäsleşiginiň ýeňijileriniň biri-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy Pirmämmet Ataýew boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, bäsleşigiň jemleri boýunça ol birinji orna mynasyp boldy we gymmatbahaly sowgat — HP noutbugy bilen sylaglandy.
Halkara nebit we gaz...
12-13-nji iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda innowasion tehnologiýalara bagyşlanyp geçirilen Halkara maslahatynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny ösdürmegiň meselelerine — energetikadan başlap, ekologiýa çenli degişli ylmy çykyşlar diňlenildi.
Ýurdumyzda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan ýaş alymlaryň forumynda türkmen wekillerinden başga-da, 50-den gowrak ýurtdan ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şol ýurtlaryň hatarynda Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Niderlandlar, Türkiýe, Eýran, Ysraýyl,...
Şu gün Türkmenistanyň nebit we gaz ministrliginde Beýik Britaniýanyň nebitgaz ulgamyna ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri we görnüşleri işewür gepleşikleriň esasy meseleleri boldy.
Duşuşyga adybelli britan kompaniýalarynyň, şol sanda «Perkins», «Petrofac», «Seetru», «Mabey Bridge», «Aggreco», «Willis Towers Watson», «Tomson Reuters», «Industrial Power Group», «Tensar»...
Şu ýylyň geçen bäş aýynda ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde meýilnamalaşdyrylan 11380 metrden dag jynslarynyň 12081 metri burawlandy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň burawçylary tebigy gazy çykarmaklygy artdyrmak hem-de ýurduň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegi maksat edinýärler.
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky tebigy gazyň özboluşly ýerasty «ammarynyň» ätiýaçlyklary 26,2 trillion kub metrden geçýär. Häzirki...
Türkmenistanyň wekilýeti 2016-njy ýylyň 8-10-njy iýunynda Moskwada bolup geçen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň nobatdaky 45-nji mejlisine gatnaşdyrlar. Gepleşiklere, şeýle hem, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri gatnaşdy.
Mejlisiň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki maglumatda bellenilişi ýaly, wekilýetleriň ýolbaşçylary golaýda Gazagystanda...
Dünýäde tebigy gazynyň ätiýaçlyk gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän Türkmenistan, ony eksport etmegiň täze ugurlaryny gözlemeklige, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny we günbatar ugurda — Transhazar gaz geçirijisini gurmaklyga gyzyklanma bildirýär — diýip, ABŞ-nyň Günorta Kawkaz boýunça döwlet sekretarynyň öňki kömekçisi Metýu Braýz Trend habarlar agentligine aýtdy.
«Iki taslama hem Türkmenistan üçin deň derejede...
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT-da) Türkmenistanyň häzirki hereket edýän standartlaryna laýyk gelýän ýol bitumynyň önümçiligi artdy. Birnäçe tehnologiki çäreleriň hasabyna desganyň taslama kuwwatlylygynda jemi 150 müň tonna bitumdan 2015-nji ýylda ýol örtükleri üçin 278 müň tonna örüji material öndürildi. Şu ýylyň bäş aýynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, on göterime...
Öň habar berşimiz ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Päkistanyň çäklerinde başlangyç böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 45 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde serişdeleri bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi. Tebigy gazy ýanaşyk döwletlere ugratjak ulag ulgamynyň gurluşygy üçin serişdeler «Türkmengaz» Döwlet konserniniň taslama gatnaşyjy-agza döwletleriň arasynda baglaşylan maýa goýum Ylalaşygynyň...
Hyundai Engineering (Koreýa Respublikasy) kompaniýasy Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin Hünärmenleri taýýarlaýan merkezini açdy. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda 400-den gowrak adam kebşirleme işiniň häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirip bilerler. Instruktorlar hökmünde okuw işini ýolbaşçylygy koreý kompaniýasynyň we potratçy guramalaryň hünärmenleri amala aşyrarlar.
Mälim bolşy ýaly, Hyundai Engineering kompaniýasy Gyýanly şäherçesinde 2014-nji ýyldan bäri...
Beýik Britaniýanyň Azerbaýjandaky, Gazagystandaky we Türkmenistandaky öňki söwda wekili Çarlz Hendriniň pikirine görä, Ýewropa bileleşigi Baku bilen Aşgabadyň arasyndaky türkmen gazyny Ýewropa tarap Transhazar gaz geçirijisiniň üsti bilen üstaşyr geçirmek meseleleri baradaky gepleşiklerine ýardam edip biler, diýip, Trend habarlar agentligi habar berýär.
Agentligiň nygtamagyna görä, tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeleýär we...
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler (“Türkmenhimiýa” DK) ”B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýyrt walýutasyna reňklenen tüýjümek matalar, nah ýüplük, pagta-süýümi, şrot we pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Niderlandlar we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 6...
3-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine seredildi.
Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary derejede, şol sanda senagat pudagynda bu görkeziji 102,2 göterim, gurluşykda 105,5 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 110,1 göterim,...
«Türkmengaz» Döwlet konsernine Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň maýa goýum paýynyň birinji tölegini geçirmek üçin 45 million amerikan dollaryndan gowrak serişdeler karzyna berler.
Degişli Karara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji iýunda ýurduň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligine daşary ýurt pulundaky serişdelerinden...