Habarlaryň arhiwi ()

Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän iri zawod gurulýar

Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän iri zawodyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Kärhanada ulanylýan innowasion tehnologiýa Euro-5 standartynyň ekologiýa talaplaryna laýyklykda ýokary hilli benziniň 600 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer.   Baş potratçynyň we buýrujynyň hereketlerini utgaşdyrmak, şeýle hem gurluşygyň barşyna gözegçilik etmek üçin “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýanynda döredilen gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy...

Täze «КАМАЗ» maşynlary «Türkmengaz» DK-nyň ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň üstüni ýetirdi

«КАМАЗ» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulaglarynyň täze tapgyry «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Mary welaýatyndaky Şatlyk ulag-aragatnaşyk müdirligine gelip gowuşdy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan alnan täze awtoulaglar türkmen gaçzylary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özboluşly gymmatbahaly sowgady boldy. Kuwwatly, ýokary öndürijilikli bu awtoulaglar öňki bar bolan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň üstüni ýetirdi. Bu häzirkizaman awtoulaglary «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň we konserne...

Türkmenistanyň we Hytaýyň telekeçileri nebitgaz toplumy üçin importuň ornuny tutujy önümleri öndürmekligi ýola goýmagy ylalaşdylar

Hytaý Halk Respublikasynyň esasy kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistana saparynyň netijesinde nebitgaz toplumy üçin importuň ornuny tutujy önümleri öndürjek bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Hytaý işewürleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň çakylygy boýunça biziň ýurdumyza gelip gördüler. Hytaý işewürler toparynyň düzüminde diňe bir nebitgaz toplumynyň enjamlarynyň öndürijileri däl-de, eýsem azyk, dokma we ýeňil senagat kompaniýalarynyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 85-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiokerosini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Tehniki ýody we uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) Hytaýdan hem-de Russiýadan gelen täjirler...

Maroş Şefçowiç türkmen gazyny Ýewropa çykarmak baradaky gepleşiklerde gazanylan üstünlikler dogrusynda gürrüň berdi

Trend (Azerbeýjan) agentliginiň habar bermegine görä, Ýewrokomissiýanyň energetika meseleleri boýunça wise-prezidenti Maroş Şefçowiç türkmen gazyny Ýewropa çykarmak bilen baglanyşykly gepleşiklerde düýpli öňegidişlikleriň gazanylýandygy hakynda çykyş etdi. «Häzirki wagtda Ýewrokomissiýa Azerbeýjan, Türkiýe, Gruziýa hem-de Türkmenistan bilen birlikde türkmen gazyny Ýewropa çykarmagyň ýollary işläp düzmegiň, şeýle hem, munuň üçin Günorta gaz geçelgesini ulanmagyň mümkinçilikleriniň üstünde işleýärler» diýip, habarlar...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow maliýe-ykdysady ulgamdaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakyndaky buýrugyň taslamasy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,...

Dünýä belli «Galkynyş» gaz käninde V Aziýa oýunlarynyň alawynyň ýakylyş dabarasy geçiriler

Ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde V Aziýa oýunlarynyň alawynyň ýakylyş dabarasy geçiriler. Çuňňur manysy bolan bu çäräni geçirmek pikirini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V  Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde öňe sürdi. Mejlisde  2017-nji ýylda geçiriljek halkara derejesindäki sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň teklibine laýyklykda V Aziýa...

Haly önümçiligi üçin polipropilenden edilen ýüplükler

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda işe girizilen haly önümlerini öndürýän täze kärhanada innowasion tehnologiýalar esasynda polipropilenden edilen ýüplükleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu bölümiň önümçilik kuwwaty her günde 8  tonna emeli ýüplüklere barabardyr. Täze kärhana “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolup, ýylda 800 müň inedördül metr haly we haly önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Bölümde Ýewropanyň öňdebaryjylary...

TNGIZT: ösüşiň sepgitleri

Dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmak bilen Türkmenistan okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mäkäm ornaşdy. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, beýleki giň gerimli maksatnamalar we olaryň çäklerinde amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga we eksport kuwwatyny berkitmäge, ykdysady ösüşiň sebit merkezlerini döretmäge gönükdirilendir.       Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwarynda...

Gaz senagaty üçin polimer turbalary

Geçen ýylda Türkmenistanyň gaz pudagy üçin jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million dollaryna barabar bolan 3 müň tonnadan gowrak turba önümlerini getiren «RAM PLAST CO.» eýran firmasy şu günler paýtagtymyzyň «Sergi köşgünde» geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň XII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylaryň biri boldy. Jemagat hojalygy hem-de gaz senagaty üçin polimer we polietilen turbalaryny öndürmek bilen meşgullanýan «RAM...

«Galkynyş» gaz känindäki täze barlag guýusyndan senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

«Galkynyş» gaz käninde «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň nebitgazgözlegçileriniň burawlan №26 belgili barlag guýusyndan ýokary basyşly senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. «Mawy ýangyjyň»  bu akymy birnäçe aýlyk irginsiz buraw işleriniň netijesinde, 4300 metr çuňlukdaky ýokaryýura karbonat çökündilerinden alyndy. «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň burawçylarynyň ygtyýarynda HHR-de öndürilen ZJ-70DBS kysymly ýokary netijeli häzirkizaman buraw enjamlarynyň dördüsi hereket edýär. Burawçylaryň zähmet...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  polipropileni we awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Hytaýyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “A” kysymly tehniki ýody we “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK)...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

18-nji fewralda  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew  ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa...

Ýurdumyzyň iň beýik nokady — Aýrybaba belentliginde Türkmenistanyň baýdagy dikildi

Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň iň beýik nokadynda — Köýtendagyň jöwheri hasaplanýan, beýikligi 3139 metre ýetýän Aýrybaba belentliginde türkmen alpinistleri milli tugumyzy dikdiler. Çuňňur watançylyk ruhuna ýugrulan bu çäräni Türkmenistanyň sport baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň ýardam bermeginde «Agama» Alpinistik kluby gurnady. Däbe öwrülen belentlige çykyşlyga Aşgabadyň, Balkanabadyň...

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzilindäki polipropilen üçin niýetlenen terminal önümçilik kuwwatyny artdyrar

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň taslamasynyň çäklerinde öňki ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen polipropilen saklamaga we ýüklemäge ýöriteleşdirilen terminalyň hem düýpli durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulandyr. Bu ilkinji nobatda, Türkmenistanda aglaba bölegi eksporta iberilýän polipropileniň önümçiliginiň ýokary depginlerde ösmegi bilen şertlenendir. Polipropilen üçin niýetlenen terminalyň durkuny täzelemegiň taslamasy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa onuň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz...

2014