Habarlaryň arhiwi ()

TNGIZT-niň dizel ýangyjynyň nobatdaky tapgyry Ukraina iberildi

Ukraina Türkmenistandan dizel ýangyjynyň nobatdaky tapgyry gowuşdy. “Glard-3” tankeri Hersonyň deňiz portuna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGZIT) öndürilen nebit önümleriniň 4,3 müň tonnasyny getirdi. Ukrain bazaryna dizel ýangyjyny TNGIZT-niň treýder düzümi bolan “Turkmen Petroleum” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän “Skywalk Traiding” kompaniýasy eltdi. Awgustyň içinde kompaniýa tarapyndan Ukraina 25 müň tonnadan gowrak türkmen dizel ýangyçly...

Merkezi Garagumda gazy gysyjy desganyň gurluşygy badalga aldy

Singapur Respublikasynyň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasy Türkmenistanda «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desgasyny gurar. Gurluşyk işleri şu ýylyň sentýabrynda başlanyp, 2022-nji ýylyň fewralynda tamamlanar. Gurluşyk işlerine başlamazdan öň, Aşgabatdan takmynan 250 kilometrlikde ýerleşen gaz känlerinde toplumlaýyn esasda barlaglary geçirmek...

Türkmenistan Yslam eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş guramasyna goşuldy

Türkmenistan 47-nji agza hökmünde Yslam ösüş banky toparynyň agzasy bolan Yslam eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş guramasyna (ICIEC) goşuldy. Bu barada ICIEC saýtynda habar berilýär. Bu kongrese gatnaşan ICIEC-iň direktory Oussama Kaissi çäräniň dowamynda, esasan hem, nebit-gaz pudagyna üns bermek arkaly ICIEC-iň Türkmenistany goldamaga taýyndygyny beýan edipdi. Kaissi Türkmenistanyň agzalygy bilen bagly: “Türkmenistanyň agzalygy  ICIEC we Türkmenistanyň...

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşylar

13-nji sentýabrda Aşgabatda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi bellenilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisi geçiriler. Bu çärä taýýarlyk işleriniň barşy geçen anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy. Bu duşuşygyň gün tertibine Arkalaşygyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan meseleleri giriziler. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip...

Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýär

Şu günlerde ýurdumyzda şanly senelere — Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde halkyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda mejlisler we duşuşyklar geçirilýär. Döwlet Baştutany tarapyndan mejlisiň Gün tertibini we resminamalary işläp düzmek boýunça anyk teklipler berildi. Bu resminamalar ählihalk forumynyň wekilleriniň garamagyna hödürleniler. Özboluşly jemgyýetçilik instituty we...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasynaBirleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparynyň wekilleri bolsa karbamidi (“Türkmensenagat eksport-import” APJ) satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 13...

ARETI-niň ýolbaşçysy TOPH taslamasyny ilerletmekde Aşgabada ýardam edip biler – bilermen

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan magistral gaz geçirijisiniň taslamasyny ilerletmekde Aşgabada ýardam edip biler. Bu pikiri Türkmenistan boýunça bilermen-analitik Waleriý Çumakin russiýaly işewüriň Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellenilenden soňra aýtdy. Bu barada Centralasia.news habar berýär. Bilermeniň pikirine görä, Aşgabatda baý gaz ätiýaçlyklarynyň eksportynyň...

Guminskiý Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň ýokary derejedäki duşuşyklarynyň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirýär

Biziň wekiliýetimiz Aşgabada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk boýunça işleri geçirmegi maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary  -  Ýerine ýetiriji sekretary W.A.Guminskiý «Türkmenistan»...

Ermenistan Eýranyň gatnaşmagynda swop-usul arkaly türkmen gazyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär

Ermenistan Eýranyň gatnaşmagynda swop ibermeler arkaly türkmen gazyny satyn almaklyga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Ermenistanyň Eýrandaky ilçisi Artaşes Tumanýan belledi, diýip Ria Nowosti agentigi habar berýär. — Türkmenistandan gazy swoplaýyn almak boýunça pikir bar. Näme üçin men pikir diýýän? Çünki hiç hili resminama ýok, ýöne bu biziň üçin prinsipial ähmiýete eýedir. Türkmen gazy biziň sebitimiziň üstünden...

Daşoguzly gazçylar gyş möwsümine taýýarlyk işlerini tamamlaýarlar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň hünärmenleri gaz hojalygynyň desgalaryny nobatdaky gyş möwsümine taýýarlamak bilen bagly işleriň esasy bölegini ýerine ýetirdiler. Bu ugurda meýilleşdirilen işleriň aglaba bölegini müdirligiň işgärleri tomus döwründe tamamladylar. Bu döwürde esasy abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi we gaz hojalygynyň desgalary gyş şertlerinde ulanmaga taýýar edildi. Tutuş welaýatyň durmuş üpjünçiligi üznüksiz gaz üpjünçiligine baglydyr, şonuň üçin hem gazçylar...

AÖB bu günki gün hem TOPH taslamasyny ilerletmek işine ygrarly bolmagynda galýar — AÖB-niň Türkmenistan boýunça direktory

Energiýa geçirijileriniň bazaryny diwersifikasiýalaşdyrmak Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan bilen alyp barýan hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm sütünidir. Bu barada AÖB-niň Türkmenistan boýunça direktory jenap Si. Si. Ýu «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda belledi. Ol bu wezipä 2019-njy ýylyň awgustynda bellenildi. Si.Si.Ýu-nyň belleýşi ýaly: «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy sebit häsiýetli esasy tagalla edilýän taslamalaryň hatarynda bolmagynda galýar. Bu...

«Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawody arassa girdejisiniň möçberini artdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň öňdebaryjy bölümleriniň biri hem Balkan welaýatynda ýerleşýän Abatlaýyş-mehaniki zawoddyr. Onuň esasy iş ugry nebitpromysel enjamlary üçin ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek bolup durýar. Şu ýylyň geçen 8 aýynda döwrebap derejede ösýän bu kärhana ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagy başardy. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen pul möçberi her aýda 600 müň manada deň...

SNGIZ-de nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär

SNGIZ-niň hünärmenleri hünär taýdan kämilleşdirmek boýunça №15 merkezi CNPC hytaý kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu ýerde nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça gysga möhletleýin okuw sapaklary geçilýär. Ýakynda ýaş hünärmenleriň nobatdaky tapgyry Merkezde hünär kämilleşdiriş okuwlaryny üstünlikli tamamladylar. Okuw sapaklary Türkmenistanda hereket edýän kompaniýalaryň zerurlyklaryny nazara alyp işlenip düzüldi we nebitgaz pudagynda täze gazanylanlary...

Gaz torlary güýz-gyş möwsümine taýýarlanylyp başlandy

Häzirki wagtda «Türkmengazüpjünçilik» müdirliginiň işgärleri güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde bitewi gaz toruna tehniki ideg etmek işlerini alyp barýarlar. Daşoguz welaýatynyň çäklerinde «Köneürgençetrapgaz» hojalyk kärhanasynyň işgärleri ygtybarly gaz üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen meýilleşdirilen meýilnama-arassalaýyş işleriniň ählisini doly derejede ýerine ýetirýärler. Şeýle hem 400-den gowrak gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy enjamlara hem-de umumy uzynlygy 1700 km bolan...

Prezident: ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli pudaklarynyň iş öndürijiligi artdyrylmaly

Ýurdumyzyň ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýän ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynyň iş öndürijiligi artdyrylmalydyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda belledi. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary...

2014