Habarlaryň arhiwi ()

«Türkmengaz» «Haldor Topsoe» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy dowam eder

Döwlet konserni Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Haldor Topsoe» ýurdumyzda nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmakda, önümçilige öňdebaryjy usullary, innowasiýalary, tehnologiýalary ornaşdyrmakda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna...

Geçen hepdäniň birža räzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda baglaşylan geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de esaslyk ýagyny satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Russiýa, BAE we...

Energetika we ulag — türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary

Energetika we ulag ulgamlary türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlarydyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen Rimde duşuşygynda belledi. Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli myhmany we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, bu saparyň hem-de häzirki gepleşikleriň netijeli, dostlukly we özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan däbe öwrülen türkmen-italýan gatnaşyklarynyň...

Türkmenistan Italiýa bilen bilelikde ÝB bilen energetika gepleşiklerini giňeltmäge taýýar — Berdimuhamedow

Penşenbe güni Rimde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konteniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady görkezijileri oňyn häsiýetlendirilýär. Ýurdumyzda italýan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýangyç-energetika ulgamynda taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyrylýar diýip, Türkmen Lideri belledi we energetika howpsuzlygy, Ýewraziýa yklymynda alternatiw üstaşyr geçelgeleri hem-de ulag ýollaryny döretmek ýaly möhüm meseleler boýunça...

Italiýada nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri merkezi mowzuklaryň biri boldy. Hususan-da, bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda Hazar deňziniň türkmen kenarynyň bloklaryny özleşdirmek, plastlaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça maýa goýum taslamalary, nebit we gazhimiýa ulgamynda, şeýle hem pudagyň senagat desgalaryny gurmakda serwis taslamalary agzaldy. Häzirki wagtda Önümi paýlaşmak...

Milanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy tanyşdyryldy

Çarşenbe güni Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýeti italiýaly işewürleri TOPH taslamasy we onuň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem taslamanyň tehniki, satyn alyş, jemgyýetçilik we maliýe ýagdaýlary barada aýdyldy. Hususan-da, habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni gaz geçirijiniň türkmen böleginiň...

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze tapgyry açar — Türkmenistanyň DIM-i

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 6-7-nji noýabrda Italiýa Respublikasyna resmi sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyry açar, diýlip Türkmenistanyň DIM-niň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde neşir edilen makalasynda bellenilýär. Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte, şeýle hem bu ýurduň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikleri geçirmekligi meýilleşdirilýär. Ýokary derejede geçiriljek bu duşuşyklar däbe öwrülen dostlukly döwletara...

Türkmenistanyň «EKSPO – 2020-ä» gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň DIM-de «EKSPO – 2020 Dubaý» Býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistandan wekilleriň bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de ýurtlaryň arasyndaky...

Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy TDHÇMB-niň eksport möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär. Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini iki tapgyrda döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipler hödürlenildi. Birinji tapgyrda şertnamalary biržada bellige almak hyzmatlaryny elektron görnüşinde internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulýar....

Ozon gatlagynyň goragy — HNGU-nyň talyplarynyň üns merkezinde

Ozon gatlagyny goramagyň häzirki zaman usullary Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen okuw seminarynda maslahatlaşyldy. «Ýeriň ozon gatlagynyň howanyň emele gelmegine täsiri: ozonosferada bolup geçýän üýtgeşmeleriň mümkin bolan klimatik netijeleri» atly okuw maslahatyny Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, şeýle hem bu uniwersitetiň ýanynda hereket edýän Ozon merkezi gurnady. Bu çärä uniwersitetiň mugallymlary...

Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmenistan durnukly energiýa ibermeleri ulgamyny döretmek meselelerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletler bilen köp taraply hyzmatdaşlyga taýýar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow geçen şenbe güni Daşkentde geçirilen ŞHG agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda belledi, diýip daşary ýurt HBS-leri belleýär. «Bu günki gün biziň öňümizde energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň, diwersifikasiýasynyň,...

Hazarüsti gaz geçirijisi ÝB-niň energetika taslamalarynda dördünji sanawda galdy

Ýewropa komissiýasy Ýewropa Bileleşiginde serhetara energetika infrastrukturasyny durmuşa geçirmek üçin umumy gyzyklanma bildirilýän taslamalaryň (PCI) dördünji sanawyny tassyklady. Täze sanaw üç sany esasy maksadyň arasyndaky deňagramlylygy görkezýär: durnukly ösüş, elýeterlilik we energiýa serişdeleriniň howpsuz geçirilmegi. Soňky iki ýylda sanawda gaz taslamalarynyň sany 53-den 32-ä çenli azaldy. Täze sanawda saklanyp galanlaryň içinde Azerbaýjanyň, Gruziýany we Türkiýäniň üsti...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna owganystanly işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagyny satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna we nah ýüplügi, matalar, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgileri ýerlenildi. Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Ermenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan gelen işewürler satyn...

Bilermen tebigy gazy çykarmakda we eksport etmekde Türkmenistanyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi

Dünýäniň gaz ätiýaçlyklarynyň 10,1% eýelik edýän Türkmenistan gazyň ätiýaçlyklarynyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Bu barada SNG.Today maglumatlar portalynyň Türkmenistan boýunça ykdysady bilermeni, synçysy Walentin Trapeznikowyň tebigy gazyň dünýä bazarynyň ösüş tendensiýalaryna bagyşlanan publikasiýasynda bellenilýär. «BP-niň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda bu görkeziji boýunça Russiýa liderdi — 35 trln kub metr gaz ýa-da dünýä...

Türkmenistanda gazturbinalarynyň we beýleki elektrik enjamlarynyň abatlaýyş işlerini ýola goýarlar

«Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) we «Çalik Enerji Swiss AG» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy Türkmenistanyň energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet korporasiýasy bilen şertnama laýyklykda, ýurdumyzda energetika enjamlarynyň abatlaýyş we serwis hyzmat merkezini gurarlar. Döwlet Baştutanynyň degişli karary esasynda, desga 2022-nji ýylda ulanyşa giriziler. Häzirki wagtda taýýarlyk we gurluşyk-gurnama işleri başlandy. Potratçy Orta Aziýa sebitinde serwis hyzmaty,...

2014