Habarlaryň arhiwi ()

AÝGB-nyň howpsuzlygy ýokary derejede

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň işgärleri işde durnukly ýagdaýda ýokary netijeleri gazanýarlar. Kärhana öz içine 6 sany häzirki zaman awtomobillere ýangyç guýujy bekedi alýar. Olarda 80-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Tehniki hyzmat stansiýalarynyň işgärleriniň — awtoulaglara ýangyç guýýan, çalgy işlerini ýerine ýetirýän we motor ulag serişdelerine hyzmat edýän mehanikleriň we işgärleriň işi halypaçylyk derejesinde geçýär. Kärhananyň...

Ýangyç-energetika toplumynyň 9 aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat duşuşygy geçirildi. Onda pudagyň edaralarynyň 2019-njy ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen wise-premýer Ministrler Kabinetiniň 4-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň jemleri barada çykyş etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren şol mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň işiniň...

Türkmenistanyň Prezidenti we Owganystanyň ilçisi ileri tutulýan sebit taslamalaryny maslahatlaşdy

Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihili Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary hem-de bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan —...

TNGIZT: daşky gurşawyň goragy — ileri tutulýan wezipe

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy özi ýaly gerimli islendik senagat desgasy hökmünde önümçiliginiň aýratynlygy sebäpli daşky gurşawa täsirini ýetirmän bilmeýär. Bu täsiri dolandyrmak we gözegçilikde saklamak zawowdň önümçilik işjeňliginiň ileri tutulýan wezipesi bolmagynda galýar. Hut şonuň üçin hem bu ýerde zawodyň täsir edýän çäginde we onuň önümleri peýdalanylanda daşky gurşawa täsiri peseltmäge gönükdirilen çäreleriň...

Halk Maslahatynyň çözgütleri maslahatlaşyldy we goldanyldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan durmuş ähmiýetli wezipeler we kabul edilen kararlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata nebitgaz toplumynyň dürli düzümleriniň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Halk Maslahatyna gatnaşyjylar gatnaşdy. Maslahatyň barşynda çykyş edenler ýurduň Konstitutsiýasyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümligini...

Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň gün tertibini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni russiýaly kärdeşi Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady. Taraplar 11-nji oktýabrda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine ünsi çekdiler. Türkmenistanyň döwlet Baştutany russiýaly kärdeşine berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we tagallalarynda täze üstünlikler arzuw etdi. Iki...

Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri 9 aýda ýokarlandy

Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi. Wise-premýer Goçmyrat Myradowyň habar berşi ýaly, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler sintetiki benziniň önümçiliginden alnan suwuklandyrylan gazy, Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy daşary ýurt puluna satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna reňksiz aýna, nah mata we ýüplük, pagta übtügi satyldy. Olary satyn...

Tramp Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hyzmatdaşlygynyň üstünlik dowam etjekdigine ynam bildirýär

ABŞ Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklaryň giňeldiljekdigine ynam bildirýär. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen Gutlag hatynda bellenilýär. «Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni, bilim we ykdysady gatnaşyklaryň has-da giňeldiljekdigine, şeýle hem Merkezi Aziýanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt edýär. Men...

Ýetmiş ýyl hyzmatda

Ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi ýubileý belledi. Jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çärede müdirligiň öňdebaryjy işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Müdirlik ýetmiş ýyl mundan öň döredildi. Bu müdirlik ýokary öndürijilik rekordlarynyň we täzeçillikleriň öňbaşçysy boldy, ol özüni ýurduň iň iri nebitçykaryş sebitiniň iň gowy ugurdaş...

Putin Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýany tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýany tassyklamak hakynda federal kanuna gol çekdi, diýip hukuk maglumatlarynyň resmi internet portaly habar berýär. Bu resminama kenarýaka döwletleriniň Hazar deňzinden, şeýle-de onuň suwundan, düýbünden, ýerastyndan, tebigy serişdelerinden we deňziň howa giňişliginden peýdalanmaklarynyň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär hem-de düzgünleşdirýär. Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde...

«WTL» kompaniýasy TNGIZT-de täze taslamany durmuşa geçirip başlady

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýalladylan kokslaşdyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy (UZK-DAG) desgasynyň toplumynyň gurluşygy başlandy. Bu taslamany Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýasy amala aşyrýar. Bu desga zawoddaky ähli agyr galyndylary (gudronlary, nefteşlamlary, asfaltlary we beýleki önümleri) has gymmat bahaly ýeňil nebit önümlerine (benzine, dizel ýangyjyna) we elektrod koksuna gaýtadan işlemäge niýetlenendir. UZK-DAG desgasy senagatda isleg...

Aşgabatda Halkara senagat söwda-maslahaty geçiriler

2019-njy ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly halkara sergi-maslahaty geçiriler. Bu barada forumy gurnaýjy — ýurdumyzyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi habar berýär. Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde geçiriler we dokma, himiýa senagatyna, gurluşyk materiallarynyň önümçiligine, telekommunikasiýa, ulag we logistika bagyşlanar. Bu çäre tejribe alyşmaga, täze ideýalary we gazanylanlary öwrenmäge, şeýle hem...

Hasan Ruhani: Eýran Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Eýran Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär, diýlip Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda belleýär. «Biziň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklary dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara düşünişmeklige esaslanýar. Dürli ugurlar boýunça dostlugymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk hem giňeldiljekdigine berk ynanýaryn» - diýlip hatda bellenilýär. Belläp geçsek, Türkmenistan we Eýran Hazar deňzi boýunça...

Prezident korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek baradaky maksatnamany täzelemegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşine Mejlis bilen bilelikde korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek baradaky maksatnamany gysga wagtyň içinde täzelemegi hem-de hödürlemegi tabşyrdy. Bu barada döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde aýtdy. Bu resminama döwlet häkimiýet edaralarynyň we häkimlikleriň, guramalaryň hem-de kärhanalaryň amala aşyrýan guramaçylyk, ykdysady, hukuk, maglumat we işgärler...

2014