Habarlaryň arhiwi (2018-10-4)

Nebit arzanlaýar: «Brent» - $86,12, «WTI» - $76,24

4-nji oktýabrda nebitiň dünýä boýunça bahalary pese düşýär. Moskwa wagty bilen 8:10-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,2 göterim aşaklap, 86,12 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,24 göterim pese düşüp, 76,24 amerikan dollaryna barabar boldy. Çarşenbe güni 2014-nji ýylyň noýabryndan bäri iň ýokary derejesine ýetip 2 göterim ýokarlanmadan soňra nebit...

Ýakyn on ýyllarda Ýewropa gazyň importyny 100 mlrd kub metr artdyryp biler

Ýewropa gazyň importy geljek 10 ýylda 100 mlrd kub metr möçberde artyp biler diýlip hasaplanylýar. Bu barada Russiýa energetika hepdeliginiň çäklerinde panel gepleşikleriniň dowamynda Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak belledi, diýip TASS habar berýär. «Turbageçiriji gazy barada aýdylanda, biz degişli gazyň Ýewropada sarp edilişiniň artmagyna bil baglaýarys. Özümizde onuň çykarylyşyny azaltmagyň we onuň sarp edilişiniň artmagynyň...

2014