Habarlaryň arhiwi (2019-5-18)

«Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançadaky täze guýudan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde ýerleşen «Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançada 2 müň 400 metr çuňlugy bolan guýynyň buraw işleri tamamlady. Netijede şol ýerden senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy. Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag instituty tarapyndan täze açylan ýatagyň gorlaryny hasaplamak işleri alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary...

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komiteti özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşar

23-nji maýda Aşgabatda Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Duşuşygyň gün tertibine uly mümkinçilikleri bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň we ösdürmegiň meseleleri giriziler. Bu barada anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. Mejlisiň dowamynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, şol sanda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak, dürli...

2014