Habarlaryň arhiwi (2019-6-3)

Gruziýada Birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan «Tegelek stol geçirildi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stol geçirdi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Bu çärä Gruziýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Estoniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçarkerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň M-100...

Türkmen gazy «Demirgazyk akymy – 2» üçin garaşsyz çeşme — bilermen

Türkmenistanyň tebigy gazy «Demirgazyk akymy – 2» gaz geçirijisini garaşsyz çeşmelerden gaz bilen doldurmak üçin iň gowy usuldyr. Bu barada russiýaly bloger Dmitriý Werhoturow Sputnik Gazagystan saýtynda ýerleşdirilen «Russiýa we Türkmenistan gaz gatnaşyklaryny gaýtadan dikeldýär — bu hemmeler üçin bähbitlidir» diýen materialynda belleýär. Makalanyň awtorynyň bilermen Waleriý Çumakine salgylanyp belleýşi ýaly, ÝB-niň Geňeşi şu ýylyň 15-nji...

2014