Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew «Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk görmek meseleleri boýunça hasabat berdiler. 22 — 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019» atly forum «Türkmennebit» döwlet konserni...