Habarlaryň arhiwi (2019-4-29)

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 143-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, polipropileni satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamid, «Türkmengaz» döwlet konserninde...

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, «KamAZ» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Sergeý Kogogin, «Tatneft» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nail Maganow, «UK» KER-Holding» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hamis Mahýanow bilen duşuşdy. Ynanyşmak we işewür ýagdaýda geçen duşuşykda ýakyn we uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen,...

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip geçildi

2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerim bilen geçirildi. Baýramçylygyň çäklerinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar jemlendi. Dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza dünýäniň köp sanly döwletlerinden myhmanlar geldiler. Olaryň hatarynda — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Resupblikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Saud Arabystanynyň Daşky gurşawy goramak we oba hojalygy...

2014