Habarlaryň arhiwi (2019-6-7)

Ýanwar-maý aýlarynda nebitgaz toplumynyň kärhanalary meýilnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Geçen penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer M.Meredow 2019-njy ýylyň geçen bäş aýynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda ýerine ýetirilen işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hususan-da, bellenilişi ýaly, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,8 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,6...

Bäş aýyň jemi boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterim möçberde saklanýar

Milli ykdysadyýetimiz ösüş depgininiň durnukly saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň geçen bäş aýynyň netijelerine garalyp geçilen hökümet mejlisiniň barşynda belläp geçdi. Kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ozalkysy ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar, diýip Prezident belledi. Garalýan döwürde ýurdumyzda öndürilen önümleriň degişli döwürde...

Türkmenistanyň hökümet derejesindäki wekiliýeti Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti halkara ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäherine geldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Wekiliýet forumyň plenar mejlisine gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýakynda...

2014