Nebitgaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, «düşbi guýularyň» we «sanly ýataklaryň» taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidir. Bu wezipäniň möhümligi barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde belledi. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynda täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, munuň geologiýa-gözleg işleriniň, has çuň gatlaklarda ýerleşen ýangyç ýataklaryny...