Habarlaryň arhiwi (2019-2-12)

Nýu-Delide halkara nebitgaz forumy tamamlandy

12-nji fewralda Hindistanyň paýtagtyndaky «India Expo Centre & Mart» sergi merkezinde «PetroTech-2019» halkara nebitgaz maslahaty we sergisi öz işini tamamlady. Foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Iri forumyň dowamynda onlarça döwletleriň wekilleri tebigy serişdeleriniň ägirt uly goruna eýelik edýän biziň döwletimiz bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. 7 müňden gowrak wekiliň gatnaşan forumynda nebitgaz ulgamynyň ileri...

«Günorta gaz geçelgesi» gaz iberijileriniň diwersifikasiýasyny goldaýar — ÝB

Hazar sebitinden Türkiýä we Ýewropa tebigy gaz ibermäge gönükdirilen «Günorta gaz geçelgesine» gaz iberijileriniň diwersifikasiýasy zerur. Bu barada 20-nji fewralda Bakuda geçiriljek «Günorta gaz geçelgesi» boýunça bäşinji konsultatiw geňeşiniň jemleýji jarnamasynyň taslamasynda bellenilýär. Jarnamanyň taslamasy ýanwar aýynda ÝB-niň Energetika iş topary tarapyndan oňlanyldy we häzir gutarnykly ylalaşmak üçin 28 döwletiň hemişelik wekillerine iberildi. «Biz «Günorta gaz...

OPEC+ bileleşige öwrüler

OPEC+ ylalaşygyna gatnaşyjy agza döwletler guramanyň düzgünnamasyny işläp düzdüler. Taslama laýyklykda, ony bileleşik diýip teklip edilýär. OPEC goldaw beriji gurama hökmünde çykyş eder. Garaşylyşy ýaly, bileleşik ýokary derejede kabul edilen hem-de gatnaşyjy agzalaryň arasynda hiç hili ýuridik häsiýetli hukuklara we borçlara getirmeýän borçnamalary meýletin ýerine ýetirmek ýörelgeleri esasynda hereket eder. Bileleşik ýurtlaryň öz tebigy serişdelerini dolandyrmak hukugyny...

Nýu-Delidäki «PetroTech-2019» maslahatynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişi hakynda aýdyldy

Ýakyn wagtda Owganystan hyzmatdaşlary bilen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça möhüm ylalaşyga gol çeker, diýip bu ýurduň dag magdan we nebit senagaty ministri Nargis Nehan şu günler Nýu-Deli şäherinde geçirilýän «PetroTech-2019» maslahatynyň ministrler böleginde belledi. Bu barada ORIENT habar berýär. Ministriň aýtmagyna görä, bu gün Owganystan gaz...

2014