26-njy fewralda Brýussel şäherinde geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisiniň gün tertibine energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri girizildi. ÝB-niň saýtynda ýerleşdirilen press-relizde bellenilişi ýaly, Bilelikdäki komitetiň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ikisi hem birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny mälim etdiler. ÝB we Türkmenistan...