Habarlaryň arhiwi (2019-6-27)

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini berkitmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeler maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýangyç çig malynyň çykarylýan...

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkmen Liderine aýdan mähirli salamyny ýetirdi. D.Tramp umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýokary ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýdyp,...

2014