Habarlaryň arhiwi (2019-7-2)

OPEC däl döwletler ylalaşygyň möhletini 9 aýlyk uzaltmaga goşuldylar

OPEC-iň düzümine girmeýän nebit çykarýan döwletler Hyzmatdaşlyk hakynda uzakmöhletleýin hartiýany oňladylar, diýip RF-iň energetika ministri Aleksandr Nowak habar berdi. Bu barada Interfaks belleýär. «Hartiýa biziň geljekki korporasiýamyzyň binýady bolmalydyr» - diýip ol belledi. Nowak OPEC+ wekillerine ony kabul etmek üçin el galdyrmak arkaly ses bermegi teklip etdi. çözgüt biragyzdan kabul edildi. Saud Arabystanynyň energetika ministri Halid...

Owadandepedäki GTG zawodynyň öndüren benzini Owganystana ýetirildi

Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawoddan iberilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystanyň çägindäki Akina demir ýol bekedine baryp ýetdi. Ozal habar berlişi ýaly, 28-nji iýunda Ahal welaýatynyň çäginde tebigy gazdan benzin öndürýän täze innowasiýa – senagat toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşan pursatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol we awtoulag bilen Owganystan...

Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abe iberen hatynda Ýaponiýa baryp görjekdigini aýtdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän täze kärhananyň açylmagy mynasybetli Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň iberen gutlagyna jogap hatynda ýapon tarapynyň çakylygy boýunça Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin günüň dogýan ýurdy — Ýaponiýa baryp görjekdigini habar berdi. Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynda gurlan we dünýäde ilkinji zawod bolan täze senagat toplumynyň açylyş...

2014