Häzirki wagtda 28-nji iýunda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu waka bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasy barada habar berildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de...