Habarlaryň arhiwi (2019-6-20)

Gurbanguly Berdimuhamedow «Hazar innowasion tehnologiýalar» we «Türkmen sährasy – 2019» halkara sergileriniň meýdançalaryny synlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda «Awazada» geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriljek  «Hazar innowasion tehnologiýalar» we «Türkmen sährasy – 2019» halkara sergileriniň pawilýonlary bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, Hazaryň innowasion tehnologiýalar sergisinde Türkmenistanyň sergi bölümi 880 inedördül metr meýdanda ýerleşer, daşary ýurt kompaniýalary üçin jemi 1332 inedördül metr bölünip berildi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly,...

Gyrgyzystanyň işewür toparlary Hazar ykdysady forumynyň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler

Birinji Hazar ykdysady forumy: türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança. Şu at bilen 19-njy iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky Döwlet komitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp geçirilen tegelek stol...

Türkmenistanyň Prezidenti birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görlüşiniň barşy bilen tanyşdy. Foruma görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Mejlisiň Başlygynyň, wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda...

2014