Habarlaryň arhiwi (2019-6-21)

ABŞ-nyň täze ilçisi Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyna ýardam etmegi meýilleşdirýär

Ýakyn wagtda Amerikanyň Aşgabatdaky diplomatik missiýasyna ýolbaşçylyk etjek ABŞ-nyň täze ilçisi Metýu S.Klimow Türkmenistanyň gazynyň eksport bazarlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ählitaraplaýyn ýardam etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ORIENT habarlar agentliginiň habar bermegine görä The Diplomat saýtynda Wiktoriýa Klement analitik materialynda belleýär. Klimow Senatda eden çykyşynda Türkmenistanyň gazynyň eksport bazarlarynyň Hazar deňziniň şeýle hem Günorta Aziýanyň üsti bilen diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ählitaraplaýyn...

Türkmenistanyň Prezidenti Owadandepedäki zawodyň açylyş dabarasyny ýokary derejede gurnamagy tabşyrdy

Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürmek boýunça dünýäde ilkinji zawodyň işe giriziljek güni golaýlaýar. Öň habar berlişi ýaly, zawodyň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi 28-nji iýunda meýilleşdirilýär. Penşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň häkimliginde iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda...

2014