Habarlaryň arhiwi (2019-11-7)

Italiýada nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri merkezi mowzuklaryň biri boldy. Hususan-da, bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda Hazar deňziniň türkmen kenarynyň bloklaryny özleşdirmek, plastlaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça maýa goýum taslamalary, nebit we gazhimiýa ulgamynda, şeýle hem pudagyň senagat desgalaryny gurmakda serwis taslamalary agzaldy. Häzirki wagtda Önümi paýlaşmak...

Milanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy tanyşdyryldy

Çarşenbe güni Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýeti italiýaly işewürleri TOPH taslamasy we onuň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem taslamanyň tehniki, satyn alyş, jemgyýetçilik we maliýe ýagdaýlary barada aýdyldy. Hususan-da, habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni gaz geçirijiniň türkmen böleginiň...

2014