Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça orunbasary Kit Kraç Waşingtonda geçirilen duşuşykda türkmen-amerikan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Penşenbe güni geçirilen duşuşygyň barşynda, taraplar söwda-ykdysady we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda, nebit-gaz, sanly...