«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Uztreýd» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin «ISUZU» kysymly awtobuslary ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Aşgabatda şenbe güni geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisinde aýdyldy. Mejlisiň barşynda Özbegistanda öndürilen beýleki kysymly awtotehnikalary hem Türkmenistana ibermäge hemme mümkinçilikleriň bardygy hem bellenildi. Toparyň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler...