Habarlaryň arhiwi (2019-8-27)

Türkmen-singapur gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Diplomatik, gulluk ýa-da resmi pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga çekildi. Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak...

Türkmenistanyň Prezidenti we Singapuryň Premýer-ministri döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Biz Singapur bilen berk gatnaşyklary ýola goýmak bilen, Siziň ýurduňyzyň söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri boljakdygyna umyt baglaýarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen geçiren gepleşiklerinde belledi. Biz Türkmenistanda singapur kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmegini goldarys. Şunuň bilen birlikde, biz ýokary tehnologiýaly ugurlara üns bermegi maksat edinýäris. Bu babatda...

Türkmenistanyň we Singapuryň Prezidentleri uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygy tassykladylar

Türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Singapur döwletiniň Baştutany Halima Ýakobyň arasynda «Istana» köşgünde geçirilen gepleşiklerde maslahatlaşyldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji döwlet saparynyň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Özara ynanyşmak hem-de netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki...

Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Biz Singapur bilen berk gatnaşyklary ýola goýmak bilen, söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri boljakdygyna umyt baglaýarys diýip, bu döwlete ilkinji döwlet sapary bilen gelen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, geçen ýylda iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberi 102,8 mln amerikan dollaryna barabar boldy. 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýagdaýa görä,...

2014