Habarlaryň arhiwi (2019-9-13)

GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisiniň barşynda 24 resminama gol çekildi

Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi, onuň netijeleri boýunça 24 resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady...

Türkmen paýtagtynda energetika pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 12-nji sentýabrda açylan Halkara pudaklaýyn sergide we ylmy maslahatda Türkmenistanyň energetika senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Foruma köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden öňdebaryjy kompaniýalar we ugurdaş düzümler bar. Sergi gatnaşyjylaryň 130-a golaýyny — dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn...

Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň arasynda geçirilen duşuşykda GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlyk,...

2014