Habarlaryň arhiwi (2019-9-17)

«OGT – 2019-yň» guramaçylary türkmen telekeçilerine pudaklaýyn foruma ýeňillikli esasda gatnaşmagy teklip edýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» (OGT – 2019) 24-nji Halkara maslahatynyň guramaçylary bolan «Türkmennebit» döwlet konserni «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda 2019-njy ýylyň 22-23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmaga isleg bildirýän türkmen telekeçileri üçin 50 göterim ýeňillik kesgitlediler. «Türkmenistanyň nebiti we gazy» pudaklaýyn forum nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen her...

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň duşenbe güni geçiren wideomaslahatynda hasabat berdi. Döwlet Baştutany aýdylan habary...

Düýnki gün rekord dereje ýokarlanmadan soňra nebit arzanlaýar

Saud Arabystanynyň nebit infrastrukturalarynyň desgalaryna edilen hüjümleriň netijesinde soňky ýyllarda rekord derejede bahasy ýokarlanan nebit sişenbe güni söwdalaryň barşynda ýene-de aşaklap başlady, diýip Interfaks habar berýär. Moskwa wagty bilen 8:23-de Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,94 göterim aşaklap, 68,37 amerikan dollaryna deň boldy. Duşenbe güni söwdalaryň barşynda olaryň bahalary 14,61...

2014