Habarlaryň arhiwi (2018-10-2)

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Kitabyň tanyşdyrylyşyna «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň...

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň kompaniýalaryna TOPH taslamasyna gatnaşmak mümkinçiligine baha bermegi teklip etdi

«Türkmenistan — ABŞ» işewürler forumynda eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow strategik ähmiýete eýe bolan ýene-de bir iri taslamany — halkara hyzmatdaşlaryň we iri maliýe edaralarynyň gurluşygyna goldaw beren Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny mysal getirdi. Taslama, gürrüňsiz, uly mümkinçiliklere eýe bolup, aslyýetinde energiýa akymlarynyň täze ugruny açýar. Ol hindi we...

Türkmenistan ABŞ bilen gatnaşyklaryny uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen gurnamagy meýilleşdirýär – Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistan ABŞ-ny ileri tutýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde hasaplap, onuň bilen uzak möhletleýin, strategik geljek üçin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Mandarin Oriental” myhmanhanasynda geçirilen “Türkmenistan — ABŞ” Işewürler Geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda belledi. Döwlet Baştutany öz çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Bu ugurdaky ikitaraplaýyn...

Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi

Iş sapary bilen Nýu-Ýorkda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk saklap gelýän birnäçe amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Hususan-da, “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşykda türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar....

2014