Habarlaryň arhiwi (2018-10-5)

Nebitiň bahalary ýokarlanýar: «Brent» - $84,99, «WTI» - 74,83

2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Moskwa wagty bilen 7:50-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,48 göterim ýokarlanyp, 84,99 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,67 göterim gymmatlap, 74,83 amerikan dollaryna barabar boldy. Saud Arabystanynyň energetika ministri Halid al-Falihiň ýurtda nebit çykarylyşyny günde 1,3 mln barrele çenli artdyryp bilmäge mümkinçiliginiň bardygy barada aýdan...

Ýol bitumy TNGIZT-nyň eksporta iberýän önümleriniň üstüne goşuldy

Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýol bitumy şu ýyldan eksporta ugradylyp başlandy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň belleýşi ýaly, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen nebti gaýtadan işlemekden alynýan bu önümiň 35 müň tonna golaýy ýerleşdirildi. Asfaltbeton öndürmek üçin çig malyň ýedi müň tonna golaýy demir ýol bilen Özbegistanda işleýän telekeçilik gurluşlaryna ugradyldy. Türkmen...

Hazar sebitinde uly gabaraly ýükleri daşamagyň aýratynlyklary Awazada geçirilen forumda maslahatlaşyldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN» atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň ulag düzüminiň kuwwaty, ulaglaryň dürli görnüşleri bilen uly göwrümli we agyr ýükleri Hazar sebitine getirmegiň aýratynlyklary, şolary Türkmenistanyň üsti bilen Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirmek meselelerine seredilip geçildi. Forum dürli ýurtlardan hünär jemgyýetleriniň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň,...

2014