Habarlaryň arhiwi (2018-8-10)

YHG-SSE-ň Baş sekretary TOPH taslamasy boýunça Stambul şäherinde brifing geçirmek barada teklibini aýtdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde  geçirilen duşuşykda YHG-SSE-ň Baş sekretary Adem Kula Türkmen tarapyndan amyla aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi ýaly taslamalar boýunça Stambul şäherinde brifing geçirmek barada teklibini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Şeýle hem myhman, beýle çäräniň geçirilmegi bilen YHG-ň başga gatnaşyjy döwletleriniň ünsüni çekip boljakdygyny...

Nebitiň bahalary durnukly: «Brent» - $72,10, «WTI» - $66,75

2018-nji ýylyň 10-njy awgustynda Moskwa wagty bilen 8:21-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 72,10 amerikan dollaryna çenli gymmatlady. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 66,75 amerikan dollaryna barabar boldy. 9-njy awgustda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,21 göterim pese düşüp, 72,07 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI»...

OPEC+ döwletleri iýul aýynda ylalaşygy 44 göterim ýerine ýetirdiler

OPEC-e girmeýän döwletler iýul aýynda nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygy 44 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada Halkara energetika agentliginiň (HEA) hasabatynda aýdylýar. Bu ýurtlarda nebitiň çykarylyşy 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda günde 240 müň barrele çenli azaldy. Şol bir wagtda Wena ylalaşygynyň hereket eden bütin döwründe bu döwletler tarapyndan borçnamalaryň ýerine ýetirilişi 82 göterime barabar boldy, diýip Praým...

2014