Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany bilelikdäki mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen ol Ministrler Kabinetiniň...