Habarlaryň arhiwi (2018-8-20)

Türkmenistanda Gurban baýramy 22-24-nji awgustda bellenilip geçiler

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Gurban baýramyny bellemek hakynda» Permana gol çekdi. Permana laýyklykda, 22-23-24-nji awgust iş günleri däl diýlip kesgitlenildi. Döwlet Baştutany degişli resminama Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisinde gol çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, baýramçylyk günlerinde şäherleriň, şeýle hem etraplaryň häkimliklerinde, ministrliklerde, ähli edara-kärhanalarda nobatçylygy talabalaýyk...

Daşoguz welaýatynda nebit önümlerini saklamak we ýükläp ugratmak boýunça kärhana işe girizildi

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäklerinde «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň nebit önümlerini saklamak we ýükläp ugratmak boýunça Daşoguz kärhanasynyň binalar toplumy ulanyşa girizildi. Kärhana edaranyň abatlaýyş-gurluşyk kärhanasy tarapyndan bina edildi. Täze gurluşygyň umumy meýdany on gektara barabardyr. Bu ýerde her ýyl nebit önümleriniň 180 müň tonnasy hem-de çalgy ýaglarynyň 1,5 müň tonnasy ýangyç guýujy beketler üçin kabul ediler...

Nebit arzanlaýar: «Brent» - $71,61, «WTI» - $64,95

2018-nji ýylyň 20-nji awgustda Moskwa wagty bilen 8:31-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,31 göterim pese düşüp, 71,61 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,4 göterim aşaklap, 64,95 amerikan dollaryna barabar boldy. Söwda gatnaşyjylar Waşington bilen Pekiniň arasyndaky söwda gapma-garşylyklary HHR-iň ykdysadyýetine belli bir bökdençlikleri döredip başlamagyndan howatyrlanýarlar. Geçen hepdede resmi statistik maglumatlar...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Özbegistandan we we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny we nebit koksuny satyn aldylar. Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan,...

2014