Habarlaryň arhiwi (2018-8-3)

Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda: «Brent» - $73,38, «WTI» - $69,03

2018-nji ýylyň 3-nji awgustynda Moskwa wagty bilen 8:07-dt «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,07 göterim aşaklap, 73,38 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,07 göterim gymmatlap, 69,03 amerikan dollaryna barabar boldy. 2-nji awgustda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,06 göterim gymmatlap, 73,45 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşar

29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapar amala aşyrar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde habar berildi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik...

2019-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmäge taýýarlyk görýär

Şu ýylyň 28-nji sentýabrynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, degişli meýilnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Ol döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine geçip, ýurdumyzyň 2019-njy ýylda Arkalaşyga başlyklyk...

2014