Habarlaryň arhiwi (2018-8-6)

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $73,42, «WTI» - $68,81

2018-nji ýylyň 6-njy awgustda Moskwa wagty bilen 7:56-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,29 göterim ýokarlanyp, 73,42 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,47 göterim gymmatlap, 68,81 amerikan dollaryna barabar boldy. OPEC-däki çeşmeleriň habar bermegine görä, Saud Arabystany iýul aýynda nebitiň çykarylyşyny 10,29 mln barrele çenli azaltdy ýa-da geçen aý bilen...

ÝET-niň 2018-nji ýylyň 7 aýynyň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen ýedi aýynda edilen işleriň jemine, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen 29-njy maýda geçiren maslahatynda kärhanalaryň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň...

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geçen ýedi aýda Türkmenistanyň ösüşiniň netijelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Döwlet Baştutany mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmek...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Şeýle hem karbamid Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, Beýik Britaniýadan,...

2014