Habarlaryň arhiwi (2018-8-1)

Türkmen gazy Hytaýa kömürden el çekmäge kömek edýär

Şu ýylyň birinji ýarymynda HHR-de tebigy gaza bolan isleg 16,8 göterim ýokarlandy, gaz üpjünçilik infrastrukturasyna maýa goýumlar bolsa 10,2 göterim artdy, diýip Milli energetika müdirligi habar berýär. Halkara energetika agentliginiň «Gaz 2018» hasabatyna laýyklykda, 2017-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda Hytaýyň «mawy ýangyja» bolan zerurlygy 60 göterim ýokarlanyp — 376 mlrd kub metre ýeter. Şol bir wagtda...

Awazada Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Araly halas etmek boýunça halkara gaznasyna ýolbaşçylyk edýän Türkmenistan 24-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaznany esaslandyryjy agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini geçirer. Bu barada Orient habarlar agentligi türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşigine salgylanyp habar berýär. Aral meselesi wajyplygy bilen sebitiň çäklerinden has daşyna çykýar. Hut şonuň üçin hem Türkmenistan Gaznanyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek meselelerine...

Gyrgyzystan türkmen suwuklandyrylan gazyny import etmeklige gyzyklanma bildirýär

Gyrgyzystan türkmen suwuklandyrylan gazyny we azot dökünlerini import etmeklige gyzyklanma bildirýär, diýip ýurduň wekilleri 30-njy iýulda Aşgabatda geçirilen türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň mejlisinde aýtdylar. Müňlerçe türkmenistanlylary iş bilen üpjün etjek Türkmenistanda gurluşygy alnyp barylýan birnäçe kärhanalaryň önümlerini satyn aljaklaryň sany artýar. Hususan-da, Gyrgyzystana Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde gurluşygy alnyp barylýan zawodda öndüriljek benzin iberilip bilner. Bu barada...

2014