Habarlaryň arhiwi (2018-8-15)

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Soçide gepleşikleri geçirer

15-nji awgustda Soçide Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçiriler, diýip Ria Nowosti Kremliň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Garaşylyşy ýaly, duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem möhüm sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar – diýlip habarda aýdylýar....

Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça topar güýzde Azerbaýjanda duşuşar

— Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki ýörite iş topary güýzde Azerbaýjanda duşuşar, duşuşar diýip Gazagystanyň daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanow belledi, diýip Interfaks-Gazagystan habar berýär. «Eýýäm şu ýylyň güýzünde biziň toparymyzyň ýygnanşyp, gönüden göni işe başlajakdygy barada ylalaşyl bar. Deslapdan, gürrüň Azerbaýjanda geçiriljek duşuşyk barada...

BMG-niň Baş sekretary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmegini «taryhy» ähmiýetli diýip atlandyrdy

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa gol çekilmegini goldady we ony sebit hyzmatdaşlygy ugrunda taryhy ähmiýetli resminama diýip atlandyrdy, diýip Interfaks habar berýär. «Bu taryhy resminama halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goldamak üçin zerur bolan sebit hyzmatdaşlygynyň möhümligini görkezýär» diýlip BMG-niň Baş sekretarynyň beýanatynda aýdylýar. Baş sekretar Konwensiýa gol çeken döwletleri «sebit hyzmatdaşlygynyň...

2014