Habarlaryň arhiwi (2018-8-21)

Türkmenistan Baku — Tbilisi — Kars taslamasyna goşulyp biler

Baku – Tbilisi – Kars demir ýol magistralynyň taslamasy dowam edip biler, diýip Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Mustafa Kapuju aýtdy. Bu barada Trend agentligi türk habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär. diplomatyň aýtmagyna görä, degişli taslama eýýäm türk tarapy tarapyndan taýýarlanyldy. Ilçiniň belleýşi ýaly, bu ugur Türkmenistan tarapyndan ýurtda çykarylýan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin ulanylyp...

Türkmenistanda ýurdy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy işlenip düzülýär

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» deslapky taslamasy hödürlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowyň habar berşi ýaly, Maksatnama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Milli Lider hasabaty diňläp, bu Maksatnamanyň senagat, energetika, daşary söwda,...

Gurbanguly Berdimuhamedow Aktauda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary berdi

Türkmenistanyň Prezidenti geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisinde Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň mejlisiniň netijelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Lider Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa bu ugurda alnyp barylýan işleri beýleki wise-premýerler bilen bilelikde işjeň dowam etmegi we bu çäreleri iş ýüzünde...

2014