Habarlaryň arhiwi (2019-10-16)

Ilaty üznüksiz ýagdaýda «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek — gazçylaryň ileri tutýan wezipesi

Ýurdumyzda täze ýaşaýyş jaýlarynyň, jaý toplumlarynyň gurluşygyny ýokary depginde alnyp barylýar, her ýyl täze döwrebap obalar peýda bolýar. Öz gezeginde, täze ýaşaýyş toplumlarynyň emele gelmegi «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gazçylarynyň öňünde hem täze wezipeleri goýýar. Hususan-da, birleşigiň hünärmenleri ilaty üznüksiz gaz bilen üpjün etmek, gaz geçirijileri gyş möwsümine taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Bu...

Türkmenistan we Eýran ýangyç-energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

15-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 15-nji mejlisinde ýangyç-energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, eýran tarapyndan - Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we...

Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Maslahatyň gün tertibine ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýaramaz täsir edýän parahorluk we korrupsiýa garşy göreş meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar korrupsiýa we bikanun söwda amallaryna garşy göreşmek boýunça wezipeleri çözmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar. Duşuşykda bu ýaramaz hadysalaryň öňüni almak...

2014