Habarlaryň arhiwi (2019-11-18)

Prezident: gazanylan görkezijileri saklap galmak we olary indiki ýylda artdyrmak zerur

Türkmenistanyň Prezidentiniň hökümet mejlisinde belleýşi ýaly, biziň öňümizde şu ýyl gazanylan gowy netijeleri ýylyň ahyryna çenli saklap galmak we geljek ýylda artdyrmak wezipesi durýar. Ýylyň ahyryna çenli bir ýarym aý wagt galdy. Şoňa görä-de, şu döwrüň içinde biz ýyly gowy netijeler bilen üstünlikli tamamlap, täze — 2020-nji ýyla ynamly gadam basmak üçin, köp meseleleri çözmelidiris...

10 aýda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu barada wise-premýer G.Myradow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlandy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,1...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýeden gelen işewürler tehniki...

2014