Habarlaryň arhiwi (2018-9-5)

Nebitiň bahalary arzanlaýar

Meksikan aýlagynda «Gordon» harasady bilen bagly nebitiň çykarylyşynyň düýpli pese düşmek howpy aradan aýrylandan soňra onuň dünýä boýunça bahalary çarşenbe güni pese düşýär, diýip Ria Nowosti habar berýär. Moskwa wagty bilen 8:22-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,42 göterim aşaklap, 77,84 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,7 göterim arzanlap, 69,38...

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtda alnyp barylýan iri taslamalaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy

Sişenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany dikuçaryň ýanynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde bina edilen we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Prezidentiň garamagyna ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygy...

«Brent» durnukly - $78,13, «WTI» gymmatlaýar - $70,11

«Brent» söwda belgili nebitiň bahalary 4-nji sentýabrda az-kem aşaklaýar, «WTI-niň» bahalary bolsa «Gordon» tropiki harasadynyň netijesinde ibermeleriň arasynyň kesilmek howpunyň netijesinde gymmatlaýar. Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,03 göterim pese düşüp, 78,13 amerikan dollaryna deň boldy. duşenbe güni şertnamalar 0,66 göterim gymmatlap, 78,15 dollara deň bolupdy. Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI»...

Hytaýyň gazyň importyna bolan zerurlygy saklanyp galar — Global Platts

Hytaýyň nebitgaz korporasiýasyna degişli, Hytaýda nebitgazy öndüriji we distribýutor iň iri kompaniýa bolan PetroChina — tebigy gazyň içerki çykarylyşyny artdyrmaklygy meýilleşdirýär. Muňa garamazdan, önümçiligiň artdyrylmagy şerti bilen hem teklip ekologiýa taýdan arassa gazylyp alynýan baýlyga bolan hakyky islegi kanagatlandyryp bilmez. Ýagny, ýakyn geljekde HHR gazyň we suwuklandyrylan tebigy gazyň importyna bagly bolmagynda galar, diýip S&P...

2014