Habarlaryň arhiwi (2019-2-18)

Türkmenistan we Ýaponiýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Tomiýamo Mikitonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Geňeşmeleriň başynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýeten sepgitleri barada pikir alyşdylar. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda...

«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermäge niýetlenen «Günorta gz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu barada Howpsuzlyk boýunça Mýunhen konferensiýasynda Azerbaýjanyň energetika ministri Pýarwiz Şahbazow belledi, diýip TASS habar berýär. Azerbaýjan ministriniň sözlerine görä, ibermeleri 2020-nji ýylyň ahyrynda başlamak meýilleşdirilýär. «GGG» energiýa howpsuzlygy nukdaýnazardan alanyňda has Günorta-Gündogar Ýewropanyň bazaryna niýetlenen bolsa hem, geljekde ol has...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Estoniýadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan...

2014