Habarlaryň arhiwi (2019-2-26)

Aşgabat we Daşkent söwda, maýa goýum, ýangyç-energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar

24-25-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary L.Kudratowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Iş saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde,...

Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi maslahatlaşylýar

2019-njy ýylyň 23-28-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda iş sapar bilen bolýan Bahreýn Patyşalygynyň «Gulf Petrochemical Industries Company» (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen nebitgaz ulgamynyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Saparyň çäklerinde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» Döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle-de nebitgaz we himiýa toplumlaryna...

Seulda Hökümetara türkmen–koreý toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

25-nji fewralda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherine türkmen wekiliýetiniň gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Li Nak Ýon kabul etdi. Koreýanyň Eksport-import banky (KEXIM) hem-de Koreýanyň söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasy (KSURE) bilen Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän...

2014