Habarlaryň arhiwi (2019-2-28)

«Altyn asyr» kölüniň töweregindäki obalar gazlaşdyrylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem saparyň dowamynda “Altyn Asyr” kölüniň sebitiniň özleşdirilmegi boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasy Döwlet Baştutanyň dykgatyna ýetirildi. Taslamada bu ýerde maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek boýunça işler...

Mart aýynda «Awaza» Hazar deňzi boýunça sebit okuw maslahatynyň wekillerini kabul eder

2019-njy ýylyň 4-15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly sebit okuw maslahaty geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Okuw maslahatyny Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy Ummanlaryň halkara instituty bilen bilelikde gurnaýar. Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň...

YHÖG bilen eksportuň ýokarlandyrmagy we täze iri maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 26-27-nji fewraly aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Ýewraziýa departamentiniň başlygy William Tompsonyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň we täze iri maýa goýumlaryny çekmek üçin taslamalary işläp düzmekligiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip ýurdumyzyň DIM-niň saýty habar berýär. Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bilen...

2014