Habarlaryň arhiwi (2019-2-5)

2018-nji ýylyň jemine garaldy

4-nji fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň edara-kärhanalarynda 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde pudagyň öňünde bellän tabşyryklaryndan gelip çykýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow hasabat ýygnagyny açyp, ilki bilen Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň...

«TAPI Pipeline» Pakistanyň nebit ministrligi bilen ylalaşyk baglaşar

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan magistral gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrýan «TAPI Pipeline Corporation» kompaniýasy ýakyn wagtda Pakistanyň nebit we tebigy serişdeler ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çeker. Bu ylalaşyk turba geçirijiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň täze tapgyryna geçmek üçin zerurdyr, diýip pakistan HBS-leri ýazýarlar. Bu habar Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Pakistanyň nebit we tebigy serişdeler ministri Gulam...

Russiýa «CASA-1000» we TOPH taslamalaryna goşulmaga taýýar — Lawrow

Russiýa «CASA-1000» we TOPH ýaly energetika taslamalaryna goşulmaga taýýar, diýip RF-iň daşary işler ministri Sergeý Lawrow belledi. Bu barada ol Russiýa bilen Gyrgyzystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Bişkekde geçiren gepleşikleriniň netijelerini teswirlemek bilen belledi. Bu barada Sputnik agentligi habar berýär. «Eger-de degişli ýurtlar gyzyklanma bildirse, biziň kompaniýalarymyz «CASA-1000» taslamasynyň, eýýäm energetika taýdan ýeterlik gyzyklanma döredýän TOPH...

BMG-niň missiýasy Owganystany halkara taslamalaryna işjeň çekmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Owganystanda parahatçylygy berkitmek boýunça Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çärelere iş sapary bilen Aşgabada gelen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasy tarapyndan oňyn baha berildi. Bu missiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA)...

2014