Habarlaryň arhiwi (2019-10-9)

Ýangyç-energetika toplumynyň 9 aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat duşuşygy geçirildi. Onda pudagyň edaralarynyň 2019-njy ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen wise-premýer Ministrler Kabinetiniň 4-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň jemleri barada çykyş etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren şol mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň işiniň...

Türkmenistanyň Prezidenti we Owganystanyň ilçisi ileri tutulýan sebit taslamalaryny maslahatlaşdy

Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihili Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary hem-de bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan —...

TNGIZT: daşky gurşawyň goragy — ileri tutulýan wezipe

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy özi ýaly gerimli islendik senagat desgasy hökmünde önümçiliginiň aýratynlygy sebäpli daşky gurşawa täsirini ýetirmän bilmeýär. Bu täsiri dolandyrmak we gözegçilikde saklamak zawowdň önümçilik işjeňliginiň ileri tutulýan wezipesi bolmagynda galýar. Hut şonuň üçin hem bu ýerde zawodyň täsir edýän çäginde we onuň önümleri peýdalanylanda daşky gurşawa täsiri peseltmäge gönükdirilen çäreleriň...

Halk Maslahatynyň çözgütleri maslahatlaşyldy we goldanyldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan durmuş ähmiýetli wezipeler we kabul edilen kararlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata nebitgaz toplumynyň dürli düzümleriniň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Halk Maslahatyna gatnaşyjylar gatnaşdy. Maslahatyň barşynda çykyş edenler ýurduň Konstitutsiýasyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümligini...

2014