Habarlaryň arhiwi (2019-5-13)

Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy ulag, ýangyç-energetika toplumynda we Hazarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Myhman Türkmen Liderine öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassykladylar. Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna özüniň iň oňat arzuwlaryny aýdyp, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen...

Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşar

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem sebit meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geljek wekiliýete ýolbaşçylyk eder. Bu barada ORIENT habarlar agentligi Eýranyň HBS-lerine salgylanyp habar berýär. Türkmenistandan Eýrana gaz ibermekligi dikeltmek — mümkin bolan temalaryň hatarynda durýar. Eýran metbugatynyň berýän habarlaryna görä, resmi saparyň dowamynda Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy...

Geçen häpdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny we polipropileni satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, Türkiýe Respublikasynyň işewür...

2014